SIZDEN GELENLER

Hal­ka­ra äh­mi­ýet­li üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi döredilýär

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýur­du­my­zyň mul­ti­mo­dal lo­gis­tik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mek, hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag gat­naw­la­ry üçin amat­ly we bäs­deş­li­ge ukyp­ly şert­le­ri dö­ret­mek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly:“Häzirki wagtda döwletimiziň üstaşyr ulag kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeler ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, howa, demir ýol, awtoulag we deňiz gatnawlarynyň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de, ut­ga­şyk­ly se­bit hem-de se­bi­ta­ra lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mek, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny, Ha­zar, Ga­ra deň­zi, Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­gar, Gü­nor­ta we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän döw­le­ta­ra üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri gur­mak bo­ýun­ça iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar.

Ýur­du­myz­da Wa­ta­ny­my­zyň yk­ly­myň söw­da ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da eýe­le­ýän or­nu­nyň pug­ta­lan­ma­gy­ny şert­len­dir­ýän döw­re­bap we ýo­ka­ry ne­ti­je­li ulag dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­de ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan çyl­şy­rym­ly in­že­ner­çi­lik des­ga­la­rynyň on­lar­ça­sy gu­rul­ýar. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da hä­zir­ki za­man köp­rü­le­riniň gur­lu­şy­gy bar.

Bar bo­lan aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we tä­ze ulag ýol­la­ry­ny gur­mak bo­ýun­ça iri tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň saý­lap alan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­likli da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­na yg­rar­ly­dy­gy­ny, şeý­le hem ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni kö­pu­gur­ly esas­da ös­dür­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

“Açyk ga­py­lar” we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän ýur­du­myz se­bit we dün­ýä döw­let­le­ri üçin köp ­şa­ha­ly üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ dö­red­ýär hem-de tä­ze köp­ri mul­ti­mo­dal ul­ga­myň mö­hüm bö­le­gi bo­lar.

Bu ugur­da yzy­gi­der­li çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­tan se­bit­le­ýin we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de äh­mi­ýet­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek bo­ýun­ça umu­my ta­gal­la­la­ra ägirt uly go­şant goş­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň aw­to­mo­bil, de­mir ýol, ho­wa we de­ňiz ýol­la­ry dü­züm­le­ri mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ama­la aşyr­mak, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin ze­rur bo­lan dur­muş-yk­dy­sa­dy şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Ulag pu­da­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li iş­ler adam hak­da­ky ala­da­nyň, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­nyň esa­sy­ny düz­ýär.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň eltiji ýollarynyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada Karara gol çekmegi ýurdumyzda üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmek babatda uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň işjeň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Annamyrat Annamyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.

 

Gallaly ýurt — gurply döwlet

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk