DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Hazar sammitine gatnaşýar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 29-njy iýunda Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşýar. Bu barada ýurduň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.

– 29-njy iýunda Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşýar – diýlip, metbugat beýanatynda bellenilýär.

4 ýyldan soňra Hazar sammiti Aşgabatda geçirilýär. Mundan ozalky sammit 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilipdi. Şol sammitde Hazar deňziniň hukuk derejesine degişli konwensiýa gol çekilipdi.

Golaýda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň, Russiýany, Azerbaýjanyň, Eýranyň hem-de Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçiriljek sammitde döwlet Baştutanlarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň ähmiýetini tassyklajakdyklaryny mälim etdi.

 

Birža täzelikleri: arap işewürleri azyklyk duz satyn aldylar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanalary welosipedli ýörişler gurnady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilýän Halkara zähmet maslahatyna gatnaşýar

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi