JEMGYÝET

Ahal welaýatynyň döwrebap merkezinde metjit gurlar

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, se­bi­tiň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bar­şy, des­ga­la­ryň çyz­gy­la­ry hem-de be­zeg tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu ýerde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we­la­ýa­tyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew bilen iş maslahtyny geçirdi.

Şol maslahatda we­la­ýa­tyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow merkezde döwrebap metjidiň gurulmagy babatda komitete gelip gowşan teklip barada hasabat berdi.

Maslahatda welaýat merkezinde 5 müň 500 adama niýetlenilen döwrebap metjidiň gurulmagyny öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy mälim edildi.

Se­bit­de iň iri we ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan welaýat merkeziniň taslamasyny iki tap­gyr­da dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şä­her dü­zü­mi dur­muş hem-de beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw jaý­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­lar, sport des­ga­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, ulag-ara­gat­na­şyk we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ul­gam­la­ra de­giş­li des­ga­lar bar.

Ýurdumyzyň milli däp-dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilmegi üçin edilýän tagallarynyň çäklerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde metjitleriň gurulmagyna hem uly ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň sebitlerinde täze metjitler we onuň ýanaşyk ýerlerinde sadaka berilýän binalar toplumy gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle metjitler Ahal welaýatynyň merkezi Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda we Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde gurlar.

 

Türkmenistan-Çeh Respublikasy: wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlyk

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy

“Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň jemleri jemlendi

Ata Watan Eserleri

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi

Begenç Goçmollaýew söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy

Batyr Atdaýew Türkmenistanyň wise-premýeri wezipesinden boşadyldy

«Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy