Şu gün geçirilen ýokary derejeli Tähran duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gazy «swop» görnüşinde ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklara ýokary baha berip, iki ýurduň degişli edaralaryna gazyň «swop» boýunça üçünji ýurtlara iberilmegini öwrenmegi teklip etdi. Munuň özi energetika ugurly türkmen-eýran hyzmatdaşlygynda täze mümkinçilikleri açar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Ýeri gelende nygtasak, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilen üçtaraplaýyn «swop» şertnamasy 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hereket edip başlady.
Şertnamada Türkmenistanyň tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberilmegi göz öňünde tutulýar. «Swop» iki tarapyň arasynda ylalaşykda görkezilen şertlere laýyklykda, geljekde tölegleri alyş-çalyş etmek baradaky şertnamadyr.
Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ABŞ-nyň maliýe bazarlarynda peýda bolup başlan «swop» şertnamalarynyň maksady aktiwleriň gurluşyny wagt ýa-da hil taýdan gowulandyrmakdan, göterim derejeleriniň we walýuta hümmetiniň, şeýle-de çykdajylaryň ýaramaz üýtgemeginiň töwekgelçiligini azaltmakdan, girdeji gazanmakdan ybaratdyr.
Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, elektrik energiýasy pudagynda iki ýurduň arasyndaky Mary — Maşat ýokary woltly elektrik ulgamynyň Eýran böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygy hem-de ulanmaga taýýardygy göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda bu ulgamyň türkmen böleginiň gurluşygyna ýakyn wagtda başlamak meselesine seredilýär.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl Eýranyň energoulgamy arkaly türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlara ibermäge başlamagy teklip etdi.