Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň wekilçilikli topary birnäçe gepleşikler geçirýär.
Eýranyň “Mehr” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüş ministri Rostami Gasemi bilen duşuşdy.
Taraplar sebitde ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek babatda gepleşikler geçirdi. Soňky döwürde iki ýurduň ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berip, üstaşyr geçirmek kuwwatyny 50 göterim artdy.
Gepleşiklerden soňra Sarahs gümrük terminaly arkaly demirýol ýük geçirijijiligi bir gije-gündiziň dowamynda 200 wagon artdyryldy we ony 400 wagona çenli artdyrmak mümkinçiligi bar.
Eýranyň Demirýol edarasynyň ýolbaşçysynyň maglumatyna görä, Inçe-Burun serhet terminalynyň kuwwatyny hem gündelik 50-den 200 wagona çenli artdyrmak mümkinçiligi bar.
Häzirki wagtda Sarahs serhet terminalynda awtomobil üstaşyr gatnawlar täzeden dikeldildi. Eýran bilen Türkmenistanyň serhedindäki beýleki 3 terminalyň açylmagyna garaşylýar.
Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygy Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgeleri arkaly gatnawlary ýeňilleşdirirer.
Eýranyň ulag ministri Eýran bilen Türkmenistanyň demirýol üstaşyr gatnawlaryny iki esse artdyrmak hem-de Çabahar porty boýunça Eýran-Hindistan-Owganystan üçtaraplaýyn ylalaşyga iki ýurduň gatnaşmagy baradaky ylalaşyklar barada aýdyp, munuň Türkmenistana ýükleri demirgazyk ýurtlaryna geçirmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy