SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe COVID-19 barlag resminamasyny talap etmeýär

Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň ýaýradan maglumatnamasyna laýyklykda, şu günden başlap, Türkiýe Respublikasyna barýan ýolagçylardan soňky 72 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasy talap edilmeýär.

Şeýle hem täze maglumatnamada soňky 72 sagadyň dowamynda hem-de soňky 48 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminamasy zerurlygy aradan aýryldy.

Ýurduň Içeri işler ministrligi bu maglumatnamany 81 welaýat häkimligine ýollady. Şol maglumatnamada COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýurduň çäginde we serhetlerdäki gözegçilik nokatlarynda göz öňünde tutulýan öňüni alyş çäreleri ýokanjyň dünýä möçberindäki ýagdaýyna görä kesgitlenýär.

2022-nji ýylyň 3-nji martyndaky maglumatnamada ähli serhetlerdäki gözegçilik nokatlaryndaky girişlerde öňüni alyş çäreleri göz öňünde tutulypdy.

 

 

 

Sanly özgertmeler – ösüşiň hereketlendiriji güýji

Ýene-de okaň

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy