Sanly özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ösýän döwründe baş meseleler milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek bolup durýar.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, pudaklarda dünýäniň ösen döwrebap enjamlary ornaşdyrylýar, täze tehnologiýalar üstünlikli işledilýär. Bu beýik işleriň dowamly bolmagy üçin bolsa geljekde belent maksatlary goýmak, onuň amal edilmegi üçin bolsa anyk işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin hem maksatlaýyn işler ýola goýlup, döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hut şonuň üçin hem möhüm ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär we üstünlikli ýerine ýetirilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini üpjün etmek bilen bir hatarda döwrebap ugurlary kemala getirmäge, işleriň oýlanyşykly alnyp barylmagyna hem mümkinçilik döredýär.
Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şunda şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlary hem ösdürilýär. Sanly ulgam söwda kärhanalary sarp edijiler barada maglumatlary toplamaga, söwdany guramak işini kämilleşdirmäge, dürli önümlere bolan islegleri seljermäge mümkinçilik berýär. Müşderiler üçin harytlaryň elýeterli bolmagy üpjün edilýär. Sanly ulgamyň kömegi bilen, amallar işi ýeňilleşýär, bu bolsa harydyň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde, bütin dünýäde bolşy ýaly, «Sanly ykdysadyýet» düşünjesi özüne mynasyp orun aldy. Ol maglumat we tehnologiýalar eýýamynyň esasy bolup hyzmat etmek bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşi bilen üstünlikli utgaşýar. Bu ugurda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler ýola goýuldy we olar üstünlikli amal edilýär.
Olar «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» daýanýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna düşünmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýetli bolan bu resminama ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri esasy ugurlary beýan edilip, ony 3 tapgyrda durmuşa geçirmek bellenilýär. Milli ösüşiň meýilnamasyna giren sanlylaşdyrmak syýasaty ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä bilen aýakdaş gitmek maksatlaryny öz içine alýar.
«Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýilýäniniň biziň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, we durmuş ulgamlaryna öz täsirini ýetirip başlandygy duýulýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini kesgitleýän netijeleriň ýokarlanylmagyna we ykdysady kuwwatyň pugtalanmagyna itergi berýän dördünji senagat rewolýusiýasyny durmuşa geçirmek boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn taslamalaryň durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek gerekdir.
Şoňa laýyklykda, maglumat eýýamynda, dördünji senagat rewolýusiýasy şertlerinde tehnologik täzelikleri önümçilige ornaşdyrmazdan bäsdeşlik artykmaçlygyny gazanmak mümkin däldir. Sanly ykdysadyýet elektron senagatyny döretmekligi, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyny aradan aýyrmaklygy talap edýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna täsir eder. Bu ugurdaky işleriň netijeliliginiň bitewüligini üpjün etmekde ýaş hünärmenlere aýratyn orun degişlidir. Sanly ösüş ugry häzirki zaman ylymlaryndan oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegini hem nazarlaýar. Nesip bolsa, bu ugurda bilim alýan ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp, täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolup ýetişerler.
XXI asyr innowasiýalardyr tehnologiýalaryň çalt ösýän we özgerýän döwri. Biz muny başgaça «tehnologiýalar eýýamy» diýip atlandyrýarys. Innowasion tehnologiýalaryň adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen häzirki şertlerinde bolsa ösüş meýli bar bolan islendik döwletiň ýagty geljegini sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynda we ösdürilmeginde görýäris. Çünki ösüşiň baş şertine öwrülen sanly ulgam maglumatlar jemgyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň ygtybarly we ykrar edilen ýoludyr.
Muhammetguly Sapargeldiyew,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ Himiya tehnologiyasy ve ekologiya fakultetinin mugallymy.