SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dubaý we Kazan ugruna adaty gatnawlar başlaýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine adaty uçar gatnawlary başlaýar. Şeýle hem iň gysga wagtda Kazan ugry boýunça hem adaty uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem berlen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlary seljerip, halkara howa gatnawlaryny tapgyrlaýyn ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Şonuň esasynda ilkinji nobatda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine gatnawlaryň açylmagy meýilleşdirilýär.

Bu gatnawlar babatda, COVID-19 bilen bagly halkara uçuşlar ýerine ýetirilen wagty ýolagçylara bildirilýän talaplar hem-de bu gatnawlaryň anyk senesi barada iň gysga wagtda habar bereris.

 

COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlarynyň ýolagçylary üçin çäklendirmeler

Related posts

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul boýunça ýörite uçar gatnawy

Ata Watan Eserleri

Iýilýän waksina dörediler

Pandalar Katara göçerler

Ata Watan Eserleri