SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

20-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 20-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Häzirki wagtda ýyldyzlaryň tertibi hamallar üçin amatsyz. Keseliň ýa-da şikes ýetmegiň uly howpy bar, şonuň üçin seresap boluň we özüňizi goraň. Garaşylmadyk maliýe çykdajylaryny çekmeli bolmagyňyz mümkin. Ýöne bu ýagdaýda-da ýakynlaryňyzy ünsden düşürmeli däldigini ýatdan çykarmaly dälsiňiz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Hemme tarapdan hoşniýetli gün. Göz öňünde tutulan maksadyňyza barýan ýolda ähli synaglary we päsgelçilikleri ýeňip geçip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, ýyldyzlar saglygyňyza howp salýandygyny görkezýär. Fiziki we nerw agramlyklarynyndan, howply hereketlerden, kesgir ýa-da güýç gurallary bilen işlemekden, ulagy çalt sürmekden gaça duruň. Bu wagt özüňize dynç bermek juda zerurdyr.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Günüň aladalary aýgytly hereketlerden doly bolar. Ýoldaşyňyzyň biwepalygy bilen baglanyşykly çaknyşyklardan ýa-da kynçylyklardan gorkmaň. Ýagdaýa gaty anyk we aýdyň düşünip, dogry çözgüt tapyp bilersiňiz. Özüňize, öz pikiriňize ynanyň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bulam-bujar, düşnüksiz gün. Häzirki wagtda üstünlik we şowsuzlyk biri-biriniň ornuny tutar. Dostlar bilen gatnaşyklardaky kynçylyklar, şahsy durmuşda lapykeçlikler bolup biler. Şeýle-de bolsa, şahsy meselelere kän üns bermeli däl – ýakyn wagtda hemme zat gowy bolar. Ýakynlaryňyzyň göwnüne degmäň – duýgurlygyňyza we umumy düşünjäňize ynanyň.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Garaşylmadyk habarlar ýa-da ýagdaýlaryň amatly gabat gelmegi wakalary siziň peýdaňyza öwrer. Bilelikdäki taslama gatnaşmak teklip edilse, razy bolmaga howlukmaň – bu gün diňe şahsy işler üstünlik getirip biler. Garaşylmadyk myhmanlaryň gelmegi bilen baglanyşykly kynçylyklaryň bolmagy ähtimal.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Diýseň kyn gün. Häzirki wagtda islendik ýagdaýda mümkin boldugyça saklanmak has gowudyr – ýokary derejede ösen ambisiýa sizi duzaga alyp biler. Arkaýynlygyňyzy, durnuklylygyňyzy saklaň, giň boluň. Saglygyňyza gözegçilik ediň. Dowamly keselleriň çylşyrymly bolmagy mümkin. Düýşleriň amala aşmagy ähtimal.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Günüň birinji ýarymy amatsyz – ownuk zatlar we düşünişmezlikler sebäpli gaharlanmak, islegleriňiziň we meýilnamalaryňyzyň amala aşmagyny bökdär. Häzirki wagtda ýakyn adamyňyz bilen düşünişmezlikler we dawa-jenjeller hem aradan aýrylmaýar – ýadawlyk we aşa duýgurlyk mümkin. Täze, gyzykly we peýdaly tanyşlyklary açyp bilersiňiz.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Şahsy durmuşyňyzdaky kynçylyklara ýa-da siziň üçin amatsyz iş üýtgeşmelerine taýyn boluň. Dolandyryş bilen bolup biljek gapma-garşylyk gaty ähtimaldyr. Erbet habarlar, deňagramlylygy taşlap, keýpiňize ýa-da durnuklylygyňyza zyýan ýetirip biler. Dowamly ýadawlyk sebäpli saglyk birneme ýaramazlaşar.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün şertnamalaryň we kagyz resminamalarynyň, maliýe amallarynyň baglaşylmagy üçin amatlydyr. Maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar we düşünişmezlikler ähtimal. Aladalaryňyzy başga biriniň egnine geçirmäge synanyşmaň. Sizde eýýäm taplanan duýgurlyk, krizis ýagdaýyndan çykalga tapmaga kömek eder. Bu gün keselleseňiz ol uzak we kyn bolar, kynçylyklar bolup biler. Özüňiz hakda alada ediň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Häzirki wagtda täze işlerde kynçylyklary çekmegiňiz mümkin. Göz öňünde tutulan maksatlara täzeden garamak zerurdyr. Möhüm kararlary yza süýşüriň. Durmuşyňyzda howply rol oýnap biljek täze tanyşlyklardan ägä boluň. Düýşüňiziň hakyky bolmagy ähtimal we ýakyn wagtda amala aşmagy mümkin.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Şu gün işdäki kynçylyklara taýyn boluň. Başlyklar bilen dawa-jenjel, işgärler bilen düşünişmezlik ýa-da ýaman niýetlileriň hileleri bolup biler. Arkaýyn, giň boluň, ylalaşyk tapmaga synanyşyň we hemme zat netije berer. Şahsy durmuşyňyzy gowy tarapa üýtgetmek mümkinçiligini ýitirmäň. Ýalňyz daluwlaryň ýaryna duşmagy ähtimal.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Häzirki wagtda täze girdeji çeşmeleri açylar ýa-da hünär işjeňligini üýtgetmäge mümkinçilik dörär. Garyndaşlaryňyzyň we dostlaryňyzyň maslahatyny göz öňünde tutmasaňyz, dogry çözgüt tapyp bilersiňiz – hemme zady özüňiz çözüň. Günüň ikinji ýarymynda gapma-garşylyk bolup biler. Emma siz özüňizi dürsäp, özüňizi alyp baryş taktikaňyzy üýtgetseňiz, ähli zat siziň peýdaňyza çözüler.

AÅŸgabat – TürkmenbaÅŸy awtobus gatnawy açylýar

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama