30 ýyldan soňra Fransiýada hökümet başlygy wezipesine zenan saýlandy. Elizabet Born ýurduň taryhyndaky ikinji zenan premýer-ministr bolar. Fransiýanyň we dünýäniň iň güýçli 2 sany inženerçilik ýokary okuw mekdeplerini tamamlan Elizabet Born ýurduň täze hökümetini düzer.
Fransiýada mundan ozal, 1991-1992-nji ýyllar aralygynda Fransua Mitteranyň prezident bolan döwründe Edit Kresson premýer-ministr wezipesini alyp barypdy.
Elizabet Born ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron tarapyndan bu ýokaary döwlet wezipesine saýlandy. 61 ýaşyndaky Born politehnik mekdebini hem-de köpriler we ýollar boýunça milli mekdebi tamamlady.
Ol Žan Kasteksiň ornuna geçer we ýurduň taryhyndaky ikinji zenan hökümet baştutany bolar.
Born ozal zähmet ministri, ulag ministri, ekologiýa, durnukly ösüş we ýaşaýyş jaý gurluşygy ministri wezipelerinde işledi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/emirates-bitkoin-bilen-hem-toleg-kabul-eder/