SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

8-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik Tâleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomasa edip bilersiñiz!

 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky maglumatlary bilesiňiz gelse, size 8-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Günüňiz oňat geçer – iň ýokary işjeňlik görkezseňiz. Günüňizi dynç alyp geçirmek isleseňiz, günüňiz gowy geçmez. Beýle ýagdaýda alamatyň wekilleri uly bir pursatdan mahrum bolarlar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Sowurlar bu gün iň oňat dynç alşy geçirerler. Ony bolsa, maşgalaňyzyň arasynda, öýde geçirmek amatly. Iň gowy dostuňyzyňka baryp görmek has gyzykly bolar. Galan meýilnamalary yza süýşürmek gowudyr – ýogsam hakykatdanam dynç alyp bilmersiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Günüňizi dynç almaklyga sazlamaň. Bolmasa zerur bolan meýilnamalaryňyzy amala aşyrmakdan galarsyňyz. Şeýle-de bolsa, özüňize rahatlyk bermek barada hem ýatdan çykarmaň. Bu gün öýüň daşynda gowy wagt geçirip bilersiňiz.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün alamatyň köp wekili baş aýlaýan romantikanyň başlamagyna garaşýarlar. Munuň üçin ýaltalygy taşlamalysyňyz. Özüňize seretmeli, geýinmeli we daşa çykmaly bolarsyňyz. Ýogsam, bagtyňyzyň yza süýşmek howpy abanýar.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Bu gün esetleri dawa salmak aňsat bolar. Şonuň üçin daşky gyjyndyrmalaryň sanyny iň az derejä çenli azaltmaga synanyşyň we ýakynlaryňyza size arakesme gerekdigini, howlukdyrmaly däldigini, ähli meýilnamalaryň iň bolmanda ertesi güne yza süýşürilmelidigini mylaýym we mähirli (ýöne berk we elýeterli) düşündiriň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu gün üçin meýilnama düzmäň: töwekgelçilik gaty uludyr, hemme zat başda isleýşiňiz ýaly bolmaz. Bu babatda gaharlanmagyň zerurlygy ýokdur – diňe öz duýgyňyza ynanyň. Şonda hemme zat isleýşiňizden-de beter gowy bolar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Döredijilikli bir zat ediň: hut şu ugurda iň beýik belentliklere çykyp bilersiňiz. Kir ýuwmak we arassalaýyş işlerini geçirmek üçin bu gün amatly bolup biler. Özüňizi tanatmagyň, has gowy tarapdan açyp görkezmegiň wagty geldi.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Akraplar, kiçijik zatlar bilen gyzyklanmaň! Bu gün käbir garaşylmadyk telefon jaňlary ýa-da başga garaşylmadyk ownuk zatlar sizi özüňiziň öňüňizde goýan esasy maksadyňyzdan sowup biler. Bu sizi bizar eder, ýöne giňlik ýa-da içki sypaýçylyk düzgünleri beýle päsgelçiligi ýeňip geçmäge kömek eder.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Islegiňizi gysyp saklaň – sypaýy, ýöne ynam bilen şol tarapa hereket ediň, size peýdaly zatlary ediň. Ähli meseleleri “ýalňyş”, “dogry” ýa-da “zerur däl” diýen kategoriýalar boýunça çözüň. Bu ýagdaýda günüň netijeleri sizi begendirer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün ýakymly we üstünlikli boljakdygyna güwä geçýär. Käbir bizar ediji kiçijik zat sizi biynjalyk etse, özüňize ýatladyň: bu diňe bir ownuk zat. Biraz sabyr etseňiz, hemme zat has şowly bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ykbalyňyzy kanagatlandyrmak üçin ajaýyp bir mümkinçilik bar. Belki täze söýgi gyzyklanmasy dörür ýa-da möhüm işewür size hyzmatdaş bolar. Bu gün öýde oturmak  gowy pikir däl. Gyssagly karar bermeli däl. Sowukganly bolup, özüňizi dürsäp, şondan soň meseleleriň çözgüdine girişmegiňiz maslahat berilýär.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Gowy, deňagramly gün: dynç almak üçin hem, işlemek üçin hem şert bar. Esasy zat deňagramlylygy saklamakdyr! Karar bereniňizde, öz duýgyňyza bil baglamaly. Bu gün käbir ownuk-uşak zatlar sebäpli göwnüçökgünlige düşmek howpy abanýar. Şonuň üçin güýjüňizi irdenden parahatçylykly ugra gönükdirmek has gowudyr. Türgenleşmek, arassalaýyş işlerini geçirmek ýa-da uzak gezelenç etmek gowy täsir eder. Ýogsam, ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklaryň bozulmak howpy abanýar.

 

7-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

 

 

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama