Dokma senagaty ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw bilen bu pudak iň depginli ösýänleriň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagyna we bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine köp möçberde maýa goýumlar gönükdirildi we gönükdirilýär.
Häzirki wagtda dokma önümçiligine degişli 70-den gowrak kärhana, şol sanda iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokmaçylyk önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi ilkilenç gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.
Iri göwrümli maýa goýumlar diňe bar bolan kuwwatlyklaryň giňeldilmegine däl-de, eýsem bar bolan kärhanalaryň esasynda ekologiki taýdan arassa önümleri öndürýän täze önümçilikleriň ondan gowragynyň döredilmegine gönükdiriler. Bu kärhanalarda “Spunlace” we “Spunbond” dokalmaýan materiallaryň önümçiligine, şeýle hem zenanlar üçin matalaryň täze görnüşleriniň önümçiligine badalga berildi. Mundan başga-da, sport lybaslar üçin ýokary hilli matalaryň önümçiligi üçin ýörite enjamlar ornaşdyryldy. Düýe we geçi ýüňüni gaýtadan işleýän kärhana hem awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar.
Ýurtda dowam edýän dokma kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri “Türkemnistanda öndürildi” belgili ýokary hilli önümleriň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berer. Paýtagtymyzdaky Aşgabt dokma toplumy, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy, Jinsi toplumy, şeýle hem Ruhabadyň we Gökdepäniň dokma toplumlary bu işiň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler ýokary hili, görnüşiniň köpdürliligi, elýeter bahasy bilen içerki hem-de daşarky bazarlarda islegli harytlardyr.
Ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmagy bilen baglylykda, dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän ulgamynyň esasy ugurlarynyň biridir. Oba zähmetkeşleriniň ösdürip ýetişdiren ak pagtalary dokma kärhanalarynda gaýtadan işlenilýär. Onuň netijesinde ýurdumyzda daşary ýurtly önümler bilen bäsleşip biljek harytlar emele gelýär. Dokma pudagynyň kuwwatynyň has-da ýokarlandyrylmagy ugrunda iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy dowam edýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýyllyk kuwwaty 3650 tonna nah ýüplüge barabar bolan dokma toplumynyň hem-de Babadaýhan etrabynda ýyllyk kuwwaty 3300 tonna inçe süýümli ýüplüge barabar bolan dokma toplumynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwatyna kuwwat goşdy. Bu täze dokma toplumlary öndürijiligi üstünlikli alyp barýan öňki dokma kärhanalarynyň üstüni ýetirdi.
Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala» nyşanly, Aşgabat dokma toplumynyň «Goza» nyşanly, Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» nyşanly tikin-trikotaž önümleri, Gypjak dokma toplumynyň «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň önümleri daşary döwletlerde hem meşhurlyga eýe boldy. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde täze ösüş belentliklerine çykan dokma pudagynyň kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa ýüplükden taýýarlaýan dürli hili önümleri daşary döwletlerde iň bir uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hillidigi dünýäde ykrar edildi. Halkara gözegçilik we güwälendiriş kompaniýasy, daşary döwletleriň dokma barlag institutlary tarapyndan Türkmenistanyň dokma pudagynyň kärhanalaryna «Önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy» boýunça ISO 9001, «Daş-töweregi goramak» boýunça ISO 14001 hem-de «Zähmeti goramak we kärhanalarda tehniki howpsuzlygy goramak» boýunça OHSAS 18001 güwänamalary berildi.
Aýjan Ataýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.