BILIM

Türki Döwletleriň Guramasy: mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamasy

Türki Döwletleriň Guramasy gurama agza döwletleriň mugallymlarynyň arasynda alyş-çalyş maksatnamasyny ýola goýýar. Bu ugurda degişli çözgüt Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň bilim ministrleriniň 6-njy mejlisinde kabul edildi.

Şoňa laýyklykda, 2022-nji ýylyň 6-12-nji iýunynda guramanyň ýurtlarynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda 1-nji alyş-çalyş maksatnamasy guralar. Bu maksatnama Ankara we Stambul şäherlerinde geçiriler.

Bu maksatnama Türkiýeden, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan we beýleki döwletlerden mugallymlar çagyryldy. Maksatnamada Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň bilim ulgamy tanyşdyrylar, bilim bermegiň usullary boýunça pikir alyşmalar geçiriler.

Şeýle hem bu maksatnamanyň çäklerinde Türkiýäniň Milli bilim ministrliginiň işgärleri, ýörite bilim we ýol görkeziji merkezleriň işgärleri tarapyndan epidemiýa wagtynda Türkiýede uzak aralykdan okuwlar (EBA) boýunça bilim bermegiň usullary babatda öz tejribelerini paýlaşarlar.

7 günlük maksatnamanyň çäklerinde ýokary we orta mekdeplere baryp görmek ýaly birnäçe medeni çäreler hem göz öňünde tutulýar.

 

Bäsleşik: himiki reagentleri we reaktiwleri satyn almak

 

 

Ýene-de okaň

Makul Sözlük: Diller arasynda ygtybarly köpri

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi

«Diller Dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» atly gurnagy geçirildi