SPORT

“Trabzonspor” – 38 ýyldan soňra çempion boldy

Russiýanyň we Ispaniýanyň çempionatyndan soňra Türkiýäniň futbol boýunça milli çempionatynda çempion belli boldy. “Trabzonspor” topary 38 ýyldan soňra çempionlygyny baýram etdi.

“Trabzonspor” topary çempionatyň 35-nji tapgyrynda öz meýdançasynda “Antalýaspor” bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady we çempionatyň tamamlanmagyna 3 hepde galanda wagtyndan öň çempion bolmagy başardy.

Bu çempionlyk “Trabzonspor” topary üçin özboluşly häsiýete eýe boldy. Topar 38 ýyldan soňra täzeden ýurduň çempionatynyň öňdebaryjysy bolmagy başardy.

“Trabzonspor” topary 35 tapgyrdan soňra 77 utuk toplap, çempion boldy. Çempionatda ikinji orunda barýan “Fenerbahçe” toparynyň bolsa, 68 utugy bar.

“Trabzonspor” toparynyň düzüminde 24 futbolçy ilkinji gezek çempion derejesine eýe boldy. Topary düzümindäki diňe 3 futbolçy ozal çempion bolupdy.

“Trabzonspor” topary soňky gezek 1984-nji ýylda çempion bolupdy. Topar umuman, 7-nji gezek çempion bolup, ozal 1975-1976-njy, 1976-1977-nji, 1978-1979-njy, 1979-1980-nji, 1980-1981-nji, 1983-1984-nji möwsümde çempion bolupdy.

 

“Real” – 35-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri we Abu-Dabi welosport kluby okuw-türgenleşigini geçirer

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler