Şu günler ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär.
Mähriban Arkadagymyzyň täze kitabynda milliligimiz, halkymyzyň däp-dessurlary, edim-gylymlary, ynsanperwer ýörelgeleri, watansöýüjiligi, dostanalygy giň orun tutýar. Ajaýyp eserde nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy şahyrlary, alymlar barada gyzykly söhbetler edilýär, milli baýlyklarymyza, medeni gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa giňden şöhlelendirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni, her aýy şeýle şatlykly hem buýsançly wakalara, il-ýurt bähbitli , döwlet ähmiýetli işlere beslenýär. Milli Liderimiziň mukaddes Oraza baýramynyň öňýanynda sowgat eden bu ajaýyp kitaby toý-baýramly günlerimiziň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän şu şanly ýylda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmaýan gymmatly serpaý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr.
Onda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ýurdumyzyň iňňän gadymy taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetiň ahlak hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet edilýär, möhüm ähmiýetli meseleler gozgalýar.
Şol bir wagtda bu gymmatly eser asyrlaryň dowamynda ençeme gymmatlyklary döreden halkymyzyň özboluşly medeniýeti, baý milli mirasy bilen içgin tanyşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, täze eser ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri üçinem bahasyna ýetip bolmajak aýratyn ruhy gymmatlykdyr. Dabaranyň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.
Täze kitabyň «Ömrümiň manysy» diýlip atlandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti, uly manysy bar, çünki Gahryman Arkadagymyz manyly durmuş ýolunda ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýetine sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmak babatda ägirt uly işleri alyp bardy. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ençeme taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri Bütindünýä mirasynyň genji-hazynasyna girizildi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynda türkmen halkynyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri bilen bir hatarda, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleri, ýeten derejesi hem-de özüniň ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýoly baradaky maglumatlar jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň kämil zehini bilen dörän bu eserinde şu gün we geljek üçin örän möhüm başlangyçlar öňe sürülýär.
Nartaç Awlikuliýewa, Ýagsygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniñ “Fizika we elektronika” kafedrasynyñ uly mugallymy.