SPORT

Russiýanyň çempiony – “Zenit”

Sankt-Peterburg şäheriniň “Zenit” topary bassyr 4-nji gezek Russiýanyň futbol çempionatynyň çempiony boldy.

Bu topar Russiýanyň milli futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynda “Lokomotiw” toparyny 3:1 hasabynda ýeňip, yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny gazandy.

Çempionatyň 27 duşuşygynda 61 utuk toplan “Zenit” topary wagtyndan öň çempion bolmagy başardy. Sergeý Semagyň ýolbaşçylygyndaky “Zenit” topary öz taryhyndaky 8-nji, yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny yglan etdi. Bu topar, baryp 1984-nji ýylda SSSR döwründe hem çempion bolupdy.

Toparyň tälimçisi Sergeý Semak 10-njy gezek çempion boldy. Ol 5 gezek futbolçy hökmünde, 1 gezek tälimçiniň kömekçisi we 4 gezek bolsa tälimçi hökmünde Russiýanyň çempiony boldy.

 

Türkmenistan-BAE: daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy