Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň bilimler dünýäsine ynamly aralaşyp, ylymly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredildi. Şonuň netijesinde hem ylym-bilim ojaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň hil derejesi ýokary göterildi. Bagtyýar nesiller döwrebap okuw-görkezme esbaplary, kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda bilim-terbiýe alýarlar, daşary ýurt dillerini öwrenýärler.
Şeýle üstünlikleriň gözbaşynda bolsa bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler durýar. Bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy taýdan meýilleşdirmek, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu babatda daşary ýurt tejribelerini öwrenmek baradaky wezipeleri hem öz içine alýar.
Berkarar Diýarymyzda bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň işini dünýä tejribesiniň gazananlarynyň derejesinde kämilleşdirmek babatda gysga döwürde bitirilen beýik işler bu gün halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär.
Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen pugta baglydyr. Bu möhüm wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň esasy şert bolup durýandygy hemmämize mälimdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da barha kämilleşdirilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň milli bilim kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda sazlaşykly utgaşdyrylyp, ähli raýatlaryň bilim almaga bolan hukugyny doly kepillendirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mundan beýläk-de has hem ösdüriljekdigine aýdyň mysal bolup durýar.