Paýtagtymyz Aşgabatdaky “Aşgabat” seýilgähi täzeden öz işine başlaýar. Ýagny, paýtagtymyzyň iň bir gelim-gidimli seýilgähleriniň biri bolan bu seýilgäh 1-nji maýdan öz işine başlaýar. Bu barada “Türkmenportal” neşiri habar berýär.
Bu seýilgähde çagalar üçin dürli attraksionlar, oýun meýdançalary we beýleki dynç alyş desgalary bar.
Seýilgäh sagat 10:00-dan 22:00-a çenli açyk bolar we hepdäniň çarşenbe günleri bolsa arassaçylyk günüdir.
“Aşgabat” seýilgähi türkmen paýtagtynyň iň gadymy seýilgähleriniň biri bolup, 7 gektar meýdany eýeleýär.
Bu ýere gelýänler köpçülik ýerlerinde 2 metr araçägi saklap, agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmalydyrlar.