SPORT

“Mançester Siti”: 4 – 3: “Real Madrid”

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýayrm finalynyň ilkinji duşuşygynda dünýäniň iň güýçli iki topary duşuşdy. Angliýanyň “Mançester Siti” topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” toparyny kabul etdi.

Örän çekeleşikli geçen duşuşyk 4:3 hasabynda “Mançester Siti” toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Pep Gwardiolanyň topary duşuşygyň 11-nji minudynda 2:0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne “Real Madrid” toparynda soňky döwrüň golçusy Karim Benzema bar. Ol duşuşykda 2 gol geçirdi. Winisiusyň goly hem “Real Madrid” toparyna jogap duşuşygynda artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik berdi.

Çempionlar ligasynda 14 gol geçiren Benzema Ronaldonyň rekordyna 1 gol galdy.

Pep Gwardiola 12-nji gezek “Real Madrid” toparyny ýeňmegi başardy.

Şeýlelikde, “Mançester Siti” toparyndan Kewin de Bruýne, Gabriel Jesus, Fil Foden we Bernardo Silwa tapawutlandy.

 

«Altyn asyr» Gündogar bazary açylýar

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary «Al-Haldiýa» toparyny kabul eder

Türkmen türgeni 40 müň manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy

Boks gijesi: Entoni Joşua bloger Jeýk Poly ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Messi bilen Ýamal duşuşar

Türkmenistanly zenan emin halkara ýaryşynyň finalynda eminlik etdi

“PSŽ” topary Yklymara kubogyny gazandy