MEDENIÝET

«Türkmeniň uçar ganaty» atly bäsleşik sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň uçar ganaty» atly bäsleşik sergisi öz işine başlady.

Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary we şekillendiriş sungaty bilen gyzyklanýan suratkeşler türkmen bedewini wasp edýän nakgaşlyk, amaly-haşam, suratkeşlik, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, grafika eserleri bilen gatnaşýarlar.

Sergä hödürlenen her bir eserde türkmen bedewiniň ajaýyp keşbi, syrdam bedeni, üşükliligi ussatlyk bilen suratlandyrylypdyr.

Şeýle hem sergide Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň örüsini giňeltmekde, olaryň nesil arassalygyny saklamakda, atçylyk sportuny ösdürmekde, türkmen bedewleriniň şanly taryhyny, seýisçilik ýoluny açyp görkezýän beýik işleri şöhlelendirilipdir.

Bäsleşige hödürlenen zergärçilik önümlerinden at şaý-sepleri aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

 

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Related posts

Adele “2022 BRIT” baýraklarynyň ýyldyzy boldy

Ata Watan Eserleri

Sungata öwrülen alaja

Maýkl Jeksonyň durmuşy barada film 2025-nji görkeziler

Ata Watan Eserleri