MEDENIÝET

Maýkl Jeksonyň durmuşy barada film 2025-nji görkeziler

Dünýä belli aýdymçy Maýkl Jeksonyň durmuşy baradaky film 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde kinoprokatda görkeziler. Bu barada “Variety” žurnaly habar berýär.

“Maýkl” adyndaky kino filmi 22-nji ýanwarda surata düşürilip başlanar. Ady rowaýata öwrülen aýdymçynyň keşbini onuň ýegeni Jaafar Jekson janlandyrar.

Antuan Fukuanyň režissýorlygynda surata düşüriljek bu film meşhur aýdymçynyň muşdaklaryny begendirer. Antuan Fukua “Korol Artur”, “Türgenleşik güni”, “Atyjy”, “Çepbekeý”, “Beýik deňleýji” ýaly filmleriň režissýorlygyny amala aşyrdy.

Related posts

Kino we konsert pudagy ýitgi çekýär

“Türkmen teatr sungaty” — milli medeniýetiň gymmaty

Ata Watan Eserleri

Eýran Türkmenistanyň Medeniýet günleri kabul etmäge taýýar