MEDENIÝET

Oglan bagşynyň “Sähralara syýahat” albomy dünýäniň saýlama albomlarynyň hatarynda

Türkmen bagşynyñ “Sähralara syýahat” atly albomy dünýäniň iň abyraýly aýdym-saz radiolarynyň biri bolan “Mundofonias” (Ispaniýanyň Madrid şäherinde ýerleşýän) tarapyndan tutuş dünýäde “Iň saýlama albomlarynyň” sanawyna girdi.

“Oglan bagşy” ady bilen dünýäniň dürli künjeginde tanalýan Muhammetgeldi  Geldinejat  (@oghlanbakhshi) tarapyndan golaýda işlenen “Sähralara syýahat” atly albomy häzirki wagtda dünýäniň iň abyraýly aýdym-saz radiolarynyň biri bolan “Mundofonias” (Ispaniýanyň Madrid şäherinde ýerleşýän) tarapyndan “Iň saýlama albomlarynyň” sanawyna girdi.
Oglan bagşy bu  habar ähli türkmen halkynyň abyraýy diýip hasaplaýandygyny beýan etdi.  Ol  bu üstünligiň ylaýta-da, türkmen milli senedimizi ýer ýüzünde tanatmak üçin çekýän zähmetlerimiziň ýerine düşýändiginiň alamatydygyny mälim etdi.
Şol şeýle hem şu alboma goşant goşan bolan ähli dostlaryna minnetdarlyk bildirdi.
Biz hem “Ata Watan Media” toparynyñ adyndan Oglan bagşyny gutlayarys. Abraÿynyz has belentde bolsun!

Related posts

Türkmen ýyldyzlary bilen Söhbetdeşlikler-I

«Çoganly» ýaşaýyş toplumynda döwrebap jaýlar açyldy

Halkara pişik güni: pişiker barada gyzykly maglumatlar

Ata Watan Eserleri