JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşyda täze köpugurly hassahananyň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün — 15-nji aprelde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk täze köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Irden hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde çykyş edip, täze saglygy goraýyş desgasynyň aýratynlyklary we onda ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek boýunça döredilen mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdi. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahana bilen ýakyndan tanyşdy.

Hazaryň kenarynda 2019-njy ýylyň martynda gurluşygyna başlanan 7 gatly hassahanada dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak hem-de bejermek işleri göwnejaý ýola goýuldy. «Ussat inžener» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan dünýä derejesindäki hassahanada bölümleriň 27-si hereket eder.

Olaryň hatarynda dolandyryş; maslahat beriş; funksional anyklaýyş; şöhle bilen anyklaýyş; kabul ediş; dogrum; ginekologiýa; göwrelileriň patologiýasy; çaga kesellerini we bäbekleriň patologiýasyny özünde jemleýän çaga keselleri; çagalar hirurgiýasy; äň-ýüz hirurgiýasyny öz içine alýan otolaringologiýa; angiohirurgiýa, ýanyk, oftalmologiýa orunlary bolan umumy hirurgiýa; uroandrologiýa; neýrotrawmatologiýa; iç keseller; newrologiýa; endokrinologiýa; toksikologiýa we gemodializ; kardiologiýa; onkologiýa; stomatologiýa; anesteziologiýa we reanimasiýa; operasiýa; tiz kömek; fizioterapiýa we dikeldiş; merkezleşdirilen barlaghana bölümleri hem-de gan banky bar.

Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasy Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil, innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alşylmagy boýunça hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiz 14-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görmek babatda aýratyn tabşyryklary berdi. Şu gün bu iri saglygy goraýyş desgasynyň ulanmaga berilmegi bolsa türkmenistanlylaryň saglygynyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

 

Awazada dynç alyş möwsümine taýýarlyk görler

Ýene-de okaň

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň hyzmatdaşlygy boýunça ähtnama gol çekdi

Din Sýuesýan: Hytaý Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasy açyldy