Ýere bol suw yzygiderli goýberilip ýetişdirilýän däneli ekine şaly diýilýär. Şol ekiniň daşynyň arassalanmagy bilen alynýan dänä tüwi diýilýär. Ýurdumyzda hem ösdürilip ýetişdirilýän şaly Hytaý, Hindistan, Bangladeş, Indoneziýa, Tailand ýaly ýurtlarda has köp ösdürilip ýetişdirilýär.
Her ýylda dünýäde ortaça 500 million tonna tüwi öndürilýär.
Tüwi, esasanam gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýran dünýäde iň meşhur däneli ekinleriň hasyllynyň biridir. Millionlarça adam üçin iýmitlenmegiň esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär.
- Köp ýurtda şaly meýdanlary suw bilen doldurylýar we olary hasyl ýygnamagyň öňüsyrasynda guradýar.
- Ösümlik ortaça bir ýarym metre çenli ösýär.
- Alymlar şalyny adamzadyň dörän gününden bäri ösdürilip ýetişdirilendigini aýdýarlar
- Şalynyň esasynda alynýan tüwi un, krahmal hem öndürilýär. Tüwiniň uny käbir poroşoklarda duş gelýär.
- Gyzykly bir hakykat, şalynyň samanyndan kagyz we karton kagyzy hem öndürilýär.
- Tüwiniň düzüminde 70 göterim uglewodlar bar.
- Tüwi dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragynyň iýmit sanawynda öz ornuny alypdyr.
- Häzirki wagtda 4 seksiýa bölünen tüwiniň 18 görnüşi bar.
- Dünýäde tüwi öndürýän ilkinji 3 ýurt – Hytaý, Hindistan we Indoneziýa.
- Şalynyň baldagy düýbünden sary, tohumlary bolsa ak reňkde bolmaly.
- Dünýädäki her 6 adamdan biri şaly ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly zähmet işleýärler.
- 100 g tüwide diňe 82 kilokaloriýa bar, bu hem horlanmak isleýän adamlara tüwi iýmek maslahat berilýär.
- .Häzirki wagtda dünýä bazaryndaky tüwiniň ortaça dolanyşygy 20 milliard dollardan gowrak diýlip çaklanylýar.
Şatgeldi Gylyjow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/organomineral-dokuninin-meydan-sertlerinde-hyyar-osumliginin-hasyl-berijiligine-tasiri/