SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy pandemiýa döwründe ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy dowam etdirýär. Bu awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beren maglumatyna görä, şu ýylyň 22-nji aprelinde Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirilýär. 

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy mart we aprel aýlarynda Türkmenistan ugurly 5-nji gatnawyny amala aşyrar. Bu kompaniýa mart aýynda 3 gatnaw, ýagny-9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji we 26-njy martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirdi. 

Aprel aýyna geçip, kompaniýa 8-nji aprelde Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Kompaniýanyň nobatdaky gatnawy 22-nji aprelde göz öňünde tutulýar.  

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji gezek rizotomiýa operasiýasy üstünlikli geçirildi

“Türkmenhowaýollary” Kazan we Jidde ugurlaryna uçar gatnawlaryň sanyny artdyrýar

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi artdy

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary amala aşyrylýar

Aşgabat-Türkmenbaşy awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy