SPORT

“Ahalyň” Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygy şowsuz tamamlandy

Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ikinji duşuşygyny geçirdi. Birinji duşuşygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Şabab Al-Ahli Dubaý” topary bilen deňme-deň oýnan “Ahal” topary ikinji duşuşygynda Kataryň “Al Gharafa” toparyndan 2:0 hasabynda utuldy.

“Ahal” topary duşuşyga örän gowy başlady, ýöne amatly pursatlary elden giderdi. Katar toparyndan Çeýk Diabate 60-njy minutda we Ahmed Alaa Eldin 87-nji minutda tapawutlandy.

“C” toparçasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Şabab Al-Ahli Dubaý” topary, Eýranyň “Fulad Huzestan” toparlary hem bar.

 

Telefon söhbetdeşligi: Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan

 

Ýene-de okaň

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy

Türkmen türgenleri erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 4 medal gazandy

Alp Arslan Begenjow Aziýanyň çempiony boldy

Gwardiola 10 ýyllyk topary bilen hoşlaşdy

“Spartak” topary Russiýanyň Kubogyny gazandy

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy