SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Belarus ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Şu  ýylyň 8-nji aprelinde Belarus ugry boýunça ýörite uçar  gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýtynda bar bolan maglumatlara görä, Minsk-Türkmenbaşy ugry boýunça amala aşyryljak bu ýörite gatnaw “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler. Bu gatnawdan Belarusda okap ýören talyplar we beýleki raýatlarymyz peýdalanar.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat-Moskwa ugry boýunça soňky 1 aýyň dowamynda  birnäçe gatnawlar amala aşyryldy. Bu gatnawlar 9-njy martda, 14-nji martda, 18-nji martda we 25-nji martda ýerine ýetirilipdi. Saýtymyza şu gün ýerleşdirilen habarymyza görä, şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyryp, 14-nji martda bolsa Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuşyny ýerine ýetiripdi. Bellemeli zat, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy şu ýylyň 8-nji aprelinde ýörite uçar gatnawyny meýilleşdirýär.

Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Russiýa bilen Iordaniýa syýahatçylar üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Täze serhetara syýahatçylyk ugry Türkmenistany, Özbegistany we Gazagystany birleşdirer

Türkmenistanda ilkinji gezek rizotomiýa operasiýasy üstünlikli geçirildi

“Türkmenhowaýollary” Kazan we Jidde ugurlaryna uçar gatnawlaryň sanyny artdyrýar

Türkiýäniň syýahatçylyk girdejisi artdy

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça uçar gatnawlary amala aşyrylýar