DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hoseýn Amir Abdollahiýan bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

“IRNA” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Eýranyň ministri türkmen kärdeşini Oraza aýynyň başlamagy bilen gutlady.

Diplomatlar ikitaraplaýyn we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar, hususan-da Hazar deňzi ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge degişli meseleleri maslahatlaşdylar.

Eýranyň daşary işler ministri Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk, ylmy gatnaşyklar, gözleg we halas ediş işleri boýunça şertnamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça hünärmenler derejesinde gazanylan üstünlikler barada durup geçdi.

Şeýle hem ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hazarýaka ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

 

Donald Tramp jemgyýetçilik torundan gazanyp başlady

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy