DÜNÝÄ

Hindistanyň Prezidenti we onuň maşgalasy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi

3-nji aprelde ýurdumyzda ilkinji döwlet saparynda bolýan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind öz maşgalasy Sawita Kowind bilen bilelikde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde hormatly myhmanlar üçin meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyza gelýän belent mertebeli myhmanlaryň bu topluma baryp görmegi asylly däbe öwrüldi. Ol türkmen halkyny ýakyndan tanamaga, onuň ruhubelentligini hem-de ajaýyp häsiýetlerini duýmaga ýardam berýär. Ýelden ýyndam bedewler bolsa munuň özboluşly nyşany bolup çykyş edýär.

Bu ýerde hormatly myhmanlar ýörite syn ediş meýdançasynda naýbaşy ahalteke bedewlerini synladylar. Naýbaşy bedewler yzly-yzyna maneže çykarylyp, olaryň her biriniň nesil ugry, häsiýetleri, artykmaçlyklary hem-de gazanan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berildi.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ezber çapyksuwarlary şowhunly milli sazyň astynda okdurylyp barýan ajaýyp ahalteke bedewlerinde özleriniň ussatlygyny, täsin hem çylşyrymly akrobatik tilsimlere beslenen çykyşlary görkezdiler.

Çapyp barýan bedewleriň üstündäki jigitler Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň Döwlet baýdaklaryny al-asmana galdyrdylar. Meşhur Akhan atly bedewiň dutaryň şirin owazy astynda özüniň täsin hereketlerini görkezmegi, çarpaýa galmagy dabara aýratyn bezeg berdi. Bu özboluşly atçylyk-sport çykyşy hormatly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ýeri gelende, 2018-nji ýylda Akhanyň çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçendigini we ozal görkezilen netijäni iki esse gowulandyrandygyny bellemek gerek. Onuň görkezijisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu täsin bedewi Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi seýisledi.

Hindistanyň Prezidenti Aşgabatdaky Ýoga we adaty lukmançylyk merkezine baryp gördi

Ýene-de okaň

Tramp Hytaýa döwlet sapary bilen bardy

Baku şäherinde “Howanyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi” atly maslahat geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Ilçileriniň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

Täjigistan bilen Hytaý ebedi dostluk şertnamasyna gol çekdi

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň söwda boýunça federal ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň oba hojalyk ministri FAO-nyň sebit maslahatyna gatnaşdy