SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama barada…

Russiýa Federasiýasynda wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almagyň resminamalarynyň sanawyna üýtgetme girizildi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

29.03.2017 seneli № 519-V belgili “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň talaplary bilen baglanyşykly, 04.03.2022-nji senesinden başlap, Russiýa Federasiýasynda wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama ilçihananyň Konsullyk edarasynda resmileşdirmek üçin resminamalar hödürlenende ýüz tutujylar şahsy maglumatlarynyň ulanylmagy üçin notarial edara tarapyndan tassyklanan razyçylyk resminamasyny hem hökmany suratda hödürlemelidir.

Bu notarial edara tarapyndan tassyklanan razyçylyk resminamasy türkmen tarapynyň degişli edaralaryna iberilip, ýüz tutujynyň kazyýet jogapkärçiligine çekilip-çekilmändigi barada maglumat almak üçin peýdalanylar.

Razyçylyk resminamasyny nusgasyny şu ýere basyp alyp bilersiňiz. Resminamany Türkmenistanyň notarial edaralary tassyklaýar.

 

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi açyldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy