SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝUNOPS Türkmenistana döwrebap lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Taslama hyzmatlary boýunça edarasy (ÝUNOPS) Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamanyň çäginde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine soňky döwrebap lukmançylyk enjamlaryny gowşurdy. Türkmenistanda lukmançylyk enjamlary” ÝUNOPS Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek üçin ýurduň 50-den gowrak hassahanasyny ösen tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etdi. Bu barada “turkmenistan.un.org” internet neşiri habar berýär.

Aşgabatdaky gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň hassahanasy iki sany EKG, lukmançylyk awtoklawy, ykjam rentgen, gastroskopiýa we duodenoskopiýa ulgamy bilen üpjün edildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki, BMG-niň Türkmenistanda hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Aşgabat şäheriniň gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň müdiri Çerkez Hannyýew we Awstriýada ÝUNOPS-iň köp ýurtly edarasynyň müdiri Freýa fon Groote çykyş etdiler.

“Şu ýylyň 22-nji aprelinde belleniljek Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň öňsyrasynda şeýle möhüm taslamanyň durmuşa geçirilişine şaýat bolmak meniň üçin uly hormat. Mundan başga-da, bu taslama ýapon we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlugyň we raýdaşlygyň ýene bir aýdyň mysaly boljakdygyny bellemek isleýärin.” diýip, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki aýtdy.

“Men Türkmenistanyň taýýarlygy we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiňMeýilnamasy, şeýle hem Ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy bilen utgaşdyrylan taslamanyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň hilini hasam ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Birleşen Milletler GuramasyTürkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümetleri bilen bilelikde strategiki hyzmatdaşlygynydowam etdirmäge taýýardyr “- diýip, BMG-niň Türkmenistanda hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.

Mundan başga-da, Türkmenistany öz içine alýan, Awstriýada ÝUNOPS-iň köp ýurtly edarasynyň müdiri hanym Freýa fon Groote şeýle diýdi: “Türkmenistanyň halky üçin aýdyňnetijeleri gazanmak wezipesi bolan, ynamdar hyzmatdaş hökmünde, biz mundan beýläk hem infrastruktura we satyn alyşlar ýaly ugurlarda goldaw bermek, şeýle hem Türkmenistanyňhökümeti, Ýaponiýanyň hökümeti, BMG ulgamy we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen bilelikde taslamalary dolandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns bermek bilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ugrunda durnukly we saldamly goşant goşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.”

ÝUNOPS “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” taslamasyny 2,8 million ABŞ dollary möçberinde goşant goşan Ýaponiýa hökümetiniň adyndan durmuşa geçirýär. Bu taslama 2020-nji ýylda ýokary derejede tassyklanan BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly Ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyny, Türkmenistanda döwlet derejesinde Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň milli meýilnamasyny, şeýle hem Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde amala aşyrylýar.

 

Dünýä çempionatynyň futbol topy tanyşdyryldy

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy