SIZDEN GELENLER

«Halkyň Arkadagly zamanasy»: Halkara gatnaşyklarynda ynamly gadamlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we  halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýip belledi. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleri ösüşiň täze taryhy döwründe hem halkara gatnaşyklarynyň ýokary netijä beslenjekdigini alamatlandyrýar. Çünki ýurdumyz bütin dünýäde hoşniýetli we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmak, halkara guramalaryyna agza bolmak bilen Garaşsyzlyk ýyllary üçinde uly abraýaeýe boldy. Türkmenistanyň  Dünýä  jemgyýetçiligindäki abraý-mertebesi döwletiň Bitaraplyk derejesi bilen berk baglydyr. BMG tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi iki gezek ykrar edilen döwletimiziň daşary syýasat ugrunda gazanan ýeňişleri we aýgytly gadamlary milletimiziň milli mertebesini belende göterýär. Bu mertebelilik hem derjelilik bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem täze belentliklere göteriler.Munuň şeýle boljakdygyny hormatly Prezidentiniň: «Ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary hakara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýen sözleri hem aýdyň subut edýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar bilen geçýän ýylymyzda hem birnäçe halkara derejeli çäreler, forumlar, döwletara duşuşyklar hem saparlar üstünlikli geçiriler. Olaryň hatarynda  geçen taryhy döwürlerde Türkmenistan bilen daşary döwletleriň ýola goýan diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý ýyllyklarynyň hem birnäçesi bar. Bu mynasybetli hem dürli syýasy we gumanitar häsiýetli çäreleriň toplumy yzygiderli guralýar.

Ýakyn geljekde bolsa, has takygy aprel aýynyň 1-4-i aralagynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet sapary hem olaryň biri bolar. Hindistandan Türkmenistana prezident derejesinde ilkinji sapar boljak bu duşuşyklarda hem ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm syýasy ädimler ediler.

Parahatsöýüjilikli hyzmatdaşlyklaryň hem diplomatik gatnaşyklarynyň köptaraplaýyn bähbitleri bolsa dünýä döwletleriniň, şol sanda Garaşsyz Türkmenistanyň hem ykdysady, syýasy we medeni kuwwatyny artdyrmaga oňyn täsirini ýetirer.  Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary ulgamyny, milli diplomatiýasyny ösdürmäge geljekde goşant goşmaly hünärmenler hökmünde biz ýaşlar hem hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ugrundaky ajaýyp  başlangyçlaryny tüýs ýürekden gollaýarys we  belent maksatly işlerinde milli Liderimize üstünlikler arzuw edýäris.

Rahmangylyç Annageldiýew

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Sabyr Ataýewa: hakydada galan keşpler

 

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady