TEHNOLOGIÝA

Dünýäniň iň inçe mehaniki sagady

Italiýanyň «Octo Finissimo Ultra» diýlip atlandyrylýan zergärçilik kompaniýasy dünýädäki iň inçe mehaniki sagady öndürdi. 1,8 mm galyňlygy bilen tapawutlanýan sagadyň häzirlikçe 10 sany nusgasy öndürildi. Mehaniki dünýä bilen sanly dünýäniň arasynda köpri gurjak sagada eýe bolmak isleýänler ony 440 müň dollara satyn alyp bilerler.

Kompaniýanyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli çykarylan sagady öndürmek üçin üç ýyl sarp edildi. Onuň dünýäniň iň inçe sagady rekordynyň öňki eýesi «Piaget» kompaniýasynyň öndüren «Altiplano Ultimate Concept» sagadyndan hem 0,2 mm inçedigi aýdylýar.

Mundan başga-da, 1,5 mm galyňlykdaky titanium gaýyşly monohrom görnüşe eýe bolan sagadyň sekizburç aýlawy bar. Sagadyň  arka tarapynda açyk mehanizm, şeýle hem ýokarky çep tarapynda uly QR kody bar.

 

 

Oraza aýy-2022 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda edaralaryň arasyndaky elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy işe girizildi

ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar

Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamy ösdürilýär

Amerika emeli aň ulgamynda dünýäde birinji bolmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1,12 milliarddan geçdi

Niderlandlarda ilkinji sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär