Ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen uly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde we düýpli döwrebaplaşdyrmakda uly işleri alyp barýar. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagy we olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Senagat kärhanalaryny gymmatly çig mal bilen üpjün etmek, umuman, ýüpekçiligi ösdürmek üçin iň möhüm işleriň biri-de tutçulygy ösdürmekdir. Sebäbi ýüpek gurçugynyň ýeke-täk iýmiti tut ýapragydyr. Piläniň bol hasylyny we hilini üpjün etmek bolsa ýüpek gurçuklaryna berilýän tut ýapraklaryna köp derejede baglydyr. Welaýatymyzyň çäginde ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin tut daragtlarynyň üsti her ýylda ýetirilip durulýar. Tuduň, aýratyn-da, ýokary hilli ýaprakly görnüşleriniň köpeldilmegine üns berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda tut agaçlarynyň tutýan meýdany onlarça müň gektardan geçýär.
Bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalygynda işleýän adamlaryň, çarwalaryň, şol sanda türkmen ýüpekçileriniň hem iş-aladasy artýar. Eýýäm fewral aýynyň ikinji ýarymyndan başlap, gurçuk idediljek ýerlerde taýýarlyk işleri geçirilýär. Olaryň saklanyljak jaýlarynyň ýylylyk, çyglylyk derejesiniň talabalaýyk bolmagyny, guşlardan goraglylygy gazanylyp, ýüpek gurçuklaryna zyýan berip biljek mör-möjeklerden goramak üçin dermanlanylýar, üzärlik tütedilýär. Ýylyň gelşine görä, mart aýynyň aýagynda — aprel aýynyň birinji ýarymynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gyzgalaňly başlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Maryda we Türkmenabatda ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän zawodlar guruldy. Şu ýyl hut şu zawodlarda öndürilen ýüpek gurçugynyň tohumyny idetmek meýilleşdirilýär. Çünki soňky ýyllarda bu zawodlarda ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen, ýurdumyzyň howa şertlerine çalt uýgunlaşyp bilýän «Türkmen-13», «Türkmen-16», «Dostluk-1», «Lebap-2», «Ak pile-1,2» ýaly ýüpek gurçuklarynyň tohumlary döredildi. Olar talaba görä janlandyrylyp, gowy şertlerde idedilende, ýokary hilli pile berýär. Gowy ýeri, olar dürli kesellere-de çydamly. Tejribeli ýüpekçiler bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar şeýle tohumdan bolan ýüpek gurçuklaryny idetmegiň ýeňil we gyzyklydygyny aýdýarlar.
Ýurdumyzda 2022-nji ýylda 2300 tonna çig pile öndürilmegi meýilleşdirilýär. Umuman, ýurdumyzyň welaýatlarynda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 440 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutulýar.
Kerimberdi MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.