SIZDEN GELENLER

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylmy-bilimi ösdürmegiň giň, kämil görnüşde alnyp barylýan syýasatyndan ugur alyp,  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde mugallymlaryň we talyplaryň arasynda ylmy işler hem bäsdeşikler gurnalyp, olarda talyplaryň we mugallymlaryň arasynda ýaş alymlary ýüze çykarmak işi giňden alnyp barylýar. Bu ugurda uniwersitemiziň kafedralarynda ylmy taslamalar ara alnyp maslahatlaşylyp, tejribeli mugallymlar we professorlar tarapyndan bellikler edilip, degerli teklipler berilýär. Halypa-şägirtlik gatnaşyklaryndaky işjeňlik özüniň oňyn miwelerini berýändigi bellärliklidir.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi we onuň agzasy bolan “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti bilen ýurdumuzda oba hojalygyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan işleri ylmy esasda guramak, ylmyň gazanan soňky dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak, ylmy – barlag işlerini bilelikde ýerine ýetirmek we onuň netijeliligini artdyrmak ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda  her hepdäniň şenbe güni ýokary okuw mekdebimizde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň proffesor-mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň, şeýle hem ýurdumuzyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän telekeçi hünärmenleriň gatnaşmagynda oba hojalygynyň dürli ugurlaryna degişli temalar boýunça çykyşlar diňlenilýär. Şol çykyşlarda  tejribeli alymlar, telekeçiler we daýhanlar öz tejribeleri bilen çykyş edip, ýüze çykýan meseleleri çözmegiň ugurlary hakynda  giňişleýin pikirler alyşyp, teklipler berilýär.

Ýeri gelende aýytsak, baýry ýokary okuw mekdebimizde  her aýda uniwersitetimiziň kafedralary tarapyndan alnyp barylýan ylmy işleriň hasabatyny uniweritetimiziň Ylmy işleri boýunça prorektory Merdan Piriýewiň  we birnäçe professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda fakultetler boýunça yzygiderlilikde seljerilýar. Elbetde, bu guramaçylykly alnyp barylýan işler ýurdumyzyň we biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiziň ýaş alymlaryny ýüze çykarmaklykdaky  derwaýys meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň talyp ýaşlaryny ylymly, bilimli, zähmetsöýer hünärmenler bolup ýetişmekde baýry ýokary okuw mekdebimiziň ýolbaşçylary gijelerini gündizlerine gatyp çekýän zähmetleriniň netijesinde alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Amangeldi HOJAMBERDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

 

22-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk