Her bir ösen jemgyýetçilik önümçiligi üçin ykdysady ösüş – önümçiligiň mukdar hem-de hil taýdan ösüşi wajyp bolup durýar. Ykdysady ösüş bolsa önümçiligiň ösüşi bilen häsiýetlendirilýär. Elbetde, önümçiligiň ösüşine bolsa önümçilik serişdeleri hem-de zähmet resurslary örän uly täsir edýär. Olaryň doly derejede üpjün edilmegi önümçiligiň üznüksiz gaýtalanyp durmagyna hem-de ösüşine getirýär.
Ylmy taýdan önümçilik funksiýasyny ilkinji bolup amerikan ykdysatçylary Çarlz Kobb hem-de Pol Duglas teklip etdiler. Olar aşakdaky formulany hödürlediler:
Y = A * L * K
bu ýerde:
Y – önümçiligiň möçberi,
A – zähmet we maýa harajatlaryň laýyklyk koeffisienti.
L – zähmet harajatlary;
K – maýa harajatlary.
Bu ykdysatçylaryň teklip eden modeli önümçiligiň göwrüminiň artmagyna zähmet hem-de maýa harajatlary ýagny, işçi güýjüne hem-de önümçilik serişdelerine sarp edilýän harajatlar uly täsir edýändigini görkezýär.
1928-nji ýylda amerikan ykdysatçylary Ç.Kobb hem-de P.Duglas tarapyndan teklip edilen önümçilik funksiýasy statistiki maglumatlar boýunça synag edildi. Onda maýanyň we işçi güýjüniň ABŞ-nyň önümçiligine edýän täsiri kesgitlenildi.
XX asyryň 50-nji ýyllarynda bu önümçilik funksiýasynyň üsti ýetirildi, ýagny ylmy-tehniki progres goşuldy. “Ylmy-tehniki progres bolmadyk ýagdaýynda önümçilik şol bir derejesinde durar, indiki ýokarky basgançaklara geçip bilmez” diýlip bellenildi. Şeýle hem häzirki zaman şertlerinde Ç.Kobbyň hem-de P.Duglasyň funksiýasynyň üstüne ylmy-tehniki progres bilen bilelikde tebigy şertler hem goşuldy.
Röwşen Muhammedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.
