SPORT

“El Klasiko”: “Barselona” 4:0 hasabynda utdy

Düýn gije futbol janköýerleriniň uly gyzyklanmasyna eýe bolan “El Klasiko” duşuşygynda “Barselona” topary 3 ýyldna soňra “Real Madrid” toparyny 4:0 hasabynda utmagy başardy.

Täze güýçlenmäge başlanan “Barselona” topary XXI asyrda esasy bäsdeşi “Real Madrid” toparyny 9-njy gezek uly hasap bilen ýeňmegiň hötdesinden geldi.

Hawiniň tälimçiliginde ozalky güýçli “Barselona” bolmak ýolunda ynamly ädimler äden topar myhmançylykda “Realyň” derwezesine jogapsyz 4 pökgi girizdi.

“Barselona” toparynyň düzüminde 29-njy minutda Pýer-Emerik Obameýang, 38-nji minutda Ronald Arauho, 47-nji minutda Ferran Torres we 51-nji minutda ýene-de Pýer-Emerik Obameýang tapawutlandy.

Ispaniýanyň “La Liga” futbol çempionatynyň 29-njy tapgyrynda oýnalan bu duşuşykdan soňra “Real Madrid” toparynyň 66 utugy bolup, birinji orunda barýar. “Barselona” topary bolsa, 54 utuk bilen üçünji orunda durýar.

“Barselona” topary 2019-njy ýylyň 2-nji martyndan soňra ilkinji gezek “Real Madrid” toparynyň “Santiýago Barnabeu” stadionynda ýeňiş gazandy. “Barselona” topary soňky gezek 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda “Real Madrid” toparyny 4:0 hasabynda ýeňipdi.

Duşuşygyň iň garry futbolçysy bolan Dani Alwes 86-njy minutda duşuşyga girip, “Barselona” toparynyň düzüminde 400-nji duşuşygyna çykdy.

“La Liga” çempionatynda şu wagta çenli iki topary 184-nji gezek duşuşdy. Bu duşuşyklaryň 76-synda “Real Madrid”, 73-sinde “Barselona” ýeňiş gazandy. 35 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

Ähli “El Klasiko” duşuşyklarynda “Real Madrid” toparynyň 100 ýeňşi, “Barselona” toparynyň bolsa, 96 ýeňşi bar. 52 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

 

Josef Baýdenden Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag haty

Ýene-de okaň

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy