JEMGYÝET

Baýramçylyk feýerwerki : Prezidentiň wezipa girişmegi

Düýn Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan jemleýji dabaralar Aşgabadyň Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Döwlet münberi toplumynda boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz gatnaşdy.

Döwlet münberinde guralan ýurdumyzyň meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Watanymyzyň bedew batly ösüşleriniň beýany bolup, ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.

Köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşde şöhlelendirmek üçin ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen toplumda oturdylan LED ekranda Garaşsyz Diýarymyzyň ähli ulgamlarda gazanan üstünlikleridir ýeten sepgitleri görkezildi. Köpöwüşginli feýerwerk bolsa Watanymyzyň täze taryhyndaky möhüm wakanyň — Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ol ak mermerli Aşgabadyň asmanyny köpöwüşginli reňkler bilen ýagtylandyryp, dabara gatnaşyjylaryň göwnüni has-da belende göterdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Related posts

Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň ilçisini kabul etdi

Ata Watan Eserleri