Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Kliniki ordinatura hakyndaky Düzgünnama» laýyklykda, Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-kliniki merkezleriniň kliniki ordinaturalaryna azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan, 35 ýaşy dolmadyk lukmanlar hem-de lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary iş ýerlerine ýollaýan iş toparynyň goýbermegi bilen, bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň adyna arza, şu resminamalary goşmak bilen berilýär:
— ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuňdeň derejelidigini tassyklaýan, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen Ykrar şahadatnamasynyň nusgalaryny);
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4×6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;
— zähmet depderçesiniňnusgasy.
Kliniki ordinatura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomyny (daşary ýurtda bilim alanlar diplomyny we onuňdeňderejelidigi hakyndaky Ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.
***
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
2022-nji ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.01 — Аkuşerçilik we ginekologiýa 2 ýer
14.01.02 — Endokrinologiýa 3 ýer
14.01.03 — Gulak, burun we bokurdak keselleri 1 ýer
14.01.04 — Iç keselleri 7 ýer
14.01.07 — Göz keselleri 3 ýer
14.01.08 — Pediatriýa 6 ýer
14.01.09 — Ýokanç keselleri 3 ýer
14.01.10 — Deri we weneriki keselleri 2 ýer
14.01.11 — Nerw keselleri 2 ýer
14.01.13 — Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş 2 ýer
14.01.14 — Stomatologiýa 2 ýer
14.01.15 — Trawmatologiýa we ortopediýa 3 ýer
14.01.16 — Ftiziatriýa 1 ýer
14.01.17 — Hirurgiýa 7 ýer
14.01.19 — Çaga hirurgiýasy 1 ýer
14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 4 ýer
14.01.23 — Urologiýa 1 ýer
14.02.02 — Epidemiologiýa (wirusologiýanyňwe bakteriologiýanyňesaslary bilen) 4 ýer
14.03.09 — Kliniki immunologiýa, allergologiýa 2 ýer
14.03.11 — Dikeldiş lukmançylygy, sport lukmançylygy, bejeriş bedenterbiýesi, kurortologiýa we fizioterapiýa 2 ýer
Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň A.Gowşudow köçesiniň 58-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-67-90, 92-70-86.
***
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi
2022-nji ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.01 — Akuşerçilik we ginekologiýa 4 ýer
14.01.08 — Pediatriýa 3 ýer
14.01.19 — Çaga hirurgiýasy 1 ýer
14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 4 ýer
Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 80-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-93-49.
***
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi
2022-nji ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.12 — Onkologiýa 10 ýer
Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2022-nji ýylyňaprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 22-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 48-98-07.
***
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana
2022-nji ýylda kliniki ordinatura kabul edişligi şu aşakdaky hünärler boýunça yglan edýär:
14.01.05 — Kardiologiýa 3 ýer
14.01.26 — Ýürek-gan damar hirurgiýasy 2 ýer
Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 192-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-92-05.
17-nji mart ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama