SIZDEN GELENLER

Global traktor bazary rekord derejede ösýär

Tutuş dünýäde oba hojalyk tehnikalarynyň bazary hem ýokary depginde ösýär. Hususan-da traktor bazarynda oňyn ösüşler gazanylýar.

Soňky ýyllarda traktor bazarynda yzygidelri ösüşler gazanylyp, olaryň söwdasynyň depgini hem artýar. Dünýäde traktorlaryň iň köp satylan ýurtlary ABŞ, Ýewropa ýurtlary hem-de Hindistan boldy. Umuman, Hindistanyň bazary satylan traktorlaryň mukdary boýunça dünýäniň iň uly bazary bolup durýar. Bu ýurtda 900 müňe golaý traktor satuwy amala aşyryldy. ABŞ-da bu görkeziji 318 müňe golaýlaýar.

Italiýanyň iri oba hojalyk tehnikalary boýunça “FederUnacoma” birleşiginiň maglumatlaryna görä, traktor öndürijilik we sarp edijilik bazarynyň yzygiderli ösüşlere eýe bolýandygy bellenýär.

Global oba hojalyk tehnikasy bazary oňyn tapgyryny dowam etdirýär. 2020-nji ýylda dünýäde traktor söwdasy 7,7% ýokarlanyp, 2 200 000 birlige ýetdi. Şeýle hem oba hojalyk tehnikalarynyň sarp edilişinde Hytaýyň bazary hem meşhurlyk gazanyp barýar.

Fransiýada bilen Germaniýada traktor söwdasy 9,2% we 8,8% ýokarlanmak bilen degişlilikde 36 müň hem-de 35 müň birlik bilen Ýewropa landşaftynyň iň uly bazarlary bolup durýarlar.

Ösüp barýan bazarlaryň arasynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda täzeden dikeldilýän Türkiýe 64 müň birligi hasaba alyndy we bu öňki ýyl bilen deňeşdirilende 33% köpeldi.

Umuman, oba hojalygynda tehnologiýanyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin oba hojalyk tehnikalarynyň ösüşiň dünýä ykdysadyýeti üçin hem ähmiýetlidir. Oba hojalygynda öndürijiligiň ösmegi azyk bolçulygy babatda hem wajyp bolup durýar.

Nurýagdy Aýdogdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Ösümlikleri goramagyň döwlet maksatnamasy

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk