JEMGYÝET

Prezident saýlawlary başlady: onlaýn syn etmek mümkinçiligi

Türkmenistanda irden sagat 7:00-den başlap, Prezident saýlawlaryna ses berlişik başlanyp, ýurduň çägindäki ähli saýlaw uçastoklary saýlawçylary kabul edip başlady.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi internet sahypasynda, ýagny saylav.gov.tm saýtynda saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi onlaýn görnüşde synlamak mümkinçiligi döredildi.

Häzirki wagtda internet sahypasynda açylan “onlaýn” bölüme basyp, ýurdumyz boýunça açylan saýlaw uçastoklaryndaky ses berişlik ýagdaýyny synlamak bolýar.

Türkmenistanda jemi 2577 saýlaw uçastogy döredildi. Raýatlaryň howpsuzlygy üçin saýlaw uçastoklarynyň ählisinde arassaçylyk we öňüni alyş çäreleri berjaý edildi, 300-den gowrak ýer «akylly» zyýansyzlandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3435950-si hasaba alyndy.

Şeýlelikde, ýurt boýunça hasaba alnan saýlawçylaryň 7,90 göterimden gowragy öňünden ses berdi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek başlandy!

Related posts

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini belledi

Parlament saýlawlary geçirilen hasap edildi

Howpsuz aralykly täsin seýilgäh

Ata Watan Eserleri