JEMGYÝET

Saýlaw-2022: halkara synçylary gelip başlady

Şu ýylyň 9-njy martyndan başlap, Prezident saýlawlaryna syn etmek üçin ýurdumyza dünýäniň dürli künjeklerinden halkara synçylary gelip başladylar. Bu barada “saylav.gov.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Halkara synçylarynyň düzüminde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlardan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we daşary ýurt döwletlerinden wekiller bar.

Şeýle-de saýlawlara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ençemesiniň wekilleri hem syn ederler.

Olary Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary bellige alýar we saýlawlara halkara synçylarynyň 50-den gowragynyň syn etmegine garaşylýar.

 

Türkmenistan Prezident saýlawlaryna taýýar

Related posts

Türkmen türgenleri Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryna gatnaşýar

Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda doglan kosmonawt kosmos saparyna başlady

vepa