JEMGYÝET

Suratkeşler birleşigine goldaw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen suratkeşlerini döwlet tarapyndan goldamak, olaryň işlemekleri üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň hasabynda duran, Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 10-njy salgysynda ýerleşýän binany Suratkeşler birleşigine bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.

 

Owganystan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine doly taýýar

Related posts

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň 16-njy mejlisi geçiriler

<>atly halkara awtosergisine gatnaşyjylara gutlag

vepa

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady