BIZNES

«Galkynyş» gaz käni özleşdirilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe nebiti çykarmak boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 110,3 göterim, benzin öndürmek boýunça 117,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça 116 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça 111 göterim, polipropileniň öndürilişi boýunça 118,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,7 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 108,8 göterime deň boldy.

Wise-premýer daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasynyň 114,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek syýasatyna laýyklykda, gaz ulgamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň garamagyna “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, “Töwekgelçilikli serwis hyzmatlary hakynda şertnama” esasynda maýa goýum serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirmek babatda degişli teklipler hödürlenildi.

 

20-nji martda ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy