Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli elektrik awtoulag bazaryndaky paýyny 7 göterime çenli ýokarlandyrmagy we her ýylda 1,87 million elektrik ulagyny satmagy meýilleşdirýär.
“Hyundai Motor Company” (HMC) kompaniýasy öndürýän awtoulaglaryny elektrikleşdirmek maksadyny çaltlaşdyrmak üçin strategiki ýol kartasyny işläp düzdi. Ýol kartasynda; “Hyundai” kompaniýasynyň täze nesil elektrik ulaglaryny (BEV) güýçlendirmek, önümçilik kuwwatyny gowulandyrmak, enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Şu nukdaýnazardan koreý kompaniýasy dünýädäki elektrik ulaglarynyň ýyllyk satuwyny 2030-njy ýyla çenli 1,87 million birlige we dünýä bazaryndaky paýyny 7 göterime çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Elektrikleşdirmek üçin 16 milliard dollar maýa goýum goýup, kompaniýa “Hyundai” we “Genesis” markalarynda ähli täzeliklerini amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.
Günorta Koreýada we Çehiýada bar bolan elektrik ulaglaryny öndürýän zawodlardan başga-da, “Hyundai” kompaniýasy ýakyn wagtda Indoneziýaky zawodyndan hem peýdalanmagy meýilleşdirýär.
“Hyundai” kompaniýasy şu ýyl girdejisi 13-14 göterim artdyrmagy we ýyllyk amal girdejisiniň 5,5-6,5 göterime ýetirmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa awtoulaglaryň umumy satuwyny 4,3 million birlikden geçirmegi maksat edinýär.
Nagdanly Durdybaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.