SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dillerde dessan

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.

Şahyryň döredijiliginde onuň ýaşan döwrüne degişli ähli ugurlarda bolup geçýän ýagdaýlara çeper sözüň üsti bilen parasatly baha berilýär. Esasan hem şahyryň döredijiliginde durmuşyň köp ugurlarynyň jemlenmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Muňa mysal edip şahyryň watançylyk, ahlaklylyk, öwüt-nesihat, mertlik-namartlyk, söýgi temasynda we başga-da durmuşy meselelere bagyşlanýan goşgy eserlerini aýtmak bolar. Magtymgulynyň goşgy eserleri her bir türkmeniň öý-ojaklarynda mukaddes kitap bolup saklanylýar. Adam gaýgyly, gam-gussaly bolan wagtynda şahyryň eserlerinden goşgy bentlerini okanda misli Pyragynyň hut özüniň onuň ýanynda öwüt-nesihat berip duran ýaly duýmak bolýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygynyň biri-de, çuňňur mana ýugrulan çeper goşgularynyň adamzada mahsus bolan gylyk-häsiýetleri özünde jemleýänligindedir. Hut şol sebäpli hem şahyryň şygyrlary dünýäniň halklarynda aýdyma öwrülip, meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň artmagyna uly itergi berýän aňrybaş artykmaçlykdyr.

Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öne sü­ren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birik­mek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak ideýasy şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr.

Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Magtym­guly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki in uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-ideýalarynyň hakdygyny taryh subut etdi.

Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitleri taryplaýar. Şahyryň “Ýeli Gürgeniň”, “Türkmeniň” şygyrlarynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:

Öňünde belent dag, serinde duman,
 Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,

Örän çylşyrymly döwürde ýaşan Magtym­guly öz döwrüniň her bir nogsanlyklaryna, ýa­ramaz hadysalaryna ýakyndan seslenipdir, köňül eleginden geçirip, olary berk ýazgaryp­dyr, olaryň öňüni almagy öz döwrüniň esasy wezipesi hasap edipdir hem-de türkmenleri agzybirlige, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde Türkmeniň berkarar döwletiň bolmagyny, ajap eýýamy we bagtyýar durmuşyň waspyny eden şahyrdyr. Onuň:

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştbapuşdum,

Berkarar döwlet islärin.

diýen setirleriniň häzirki günlerde amala aşandygyna göz ýetirýänsiň. Munuň özi şahyryň ynsanperwer pikirleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuş hakykatyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Arkadagymyzyň häzirki döwürde ýurdumyzda we halkara derejelerinde alyp barýan işleriniň uly üstünliklere beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow  adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk