SIZDEN GELENLER

Bäsleşik – ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny ýokary depginler bilen ösdürmek we ähli ugurlara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, şeýle hem önüm öndürýän we hyzmat edýän pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda alnyp barylýan özgertmeler syýasaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam berýär.

Bäsleşik bazaryň esasy ösüş güýji hem-de ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Bäsdeşlige ukyplylyk meselesi pudaklaryň, önümçilikleriniň daşary ýurt bazarlaryna çykmagy, öz ornuny pugtalandyrmagy, bäsdeşlerden yza galmazlygy bilen kesgitlenýär. Daşary döwletler bilen haryt dolanyşygynda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylyk derejesi bu günki gün işewürleriň hem-de ylmy toparlaryň uly gyzyklanma bildirýän meseleleriniň biri bolup durýar. Ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny öwrenmegiň esasy maksady halkara derejesinde döwletiň artykmaçlyklaryny hem-de geljekde onuň kämilleşdirmeli ugurlaryny ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Ykdysady ösüşi üpjün etmek hem-de ony hil taýdan täze derejelere çykarmak, sanly ykdysadyýeti ýokary derejede ösdürmek, adam maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak, ähli pudaklaryň şol sanda oba hojalyk pudagynyň hem bäsdeşlige ukyplylygyny we ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak bu günki gün, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, şonuň bilen birlikde bolsa ýurtdaky telekeçiligiň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen döwlet emlägini hususylaşdyrmak we ony eýeçiligiň başga bir görnüşine üýtgetmek boýunça hem toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle geçirilýän işleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan önümçilik işleriniň gerimi giňeýär, önümçiligiň konsentrasiýasy (jemlenmesi) ýüze çykýar hem-de senagat önümçiligi ösýär we alnyp barylýan önümçilik işleriniň ykdysady netijeliligi ýokarlanýar, bazar bolçulygy emele gelýär. Iň esasysy bolsa ýurtda telekeçiligiň tutýan paýy has-da artýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň gaýtadan işleýän we ahyrky önüm öndürýän senagat pudaklaryny kemala getirmek ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna we import edilýän harytlaryň önümçiliklerini ýurduň çäginde ýola goýmaklyga mümkinçilik berer.

Agrar gatnaşyklarynyň, munuň bilen birlikde bolsa oba hojalygynda kärende gatnaşyklarynyň has-da ýokary derejede ösdürilmegi bu pudakda öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

 

Nurana Begmatowa,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we

dolandyrylyşy fakultetiniň talyby,

“Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň” eýesi.

 

 

Çaryguly Hommadow: “Ependi aga” bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk