SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19: Dünýäde waka we ölüm sany ýokary derejede azalýar 

Dünýäde koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly waka sany eýýäm dört hepdeden bäri ýokary derejede azalyp gelýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň web saýtyndaky maglumatlardan www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň taýýarlan seljermesine görä, dünýäde  waka sany  2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-ne 1,55 göterim artan bolsa eýýäm 1 hepde soň, ýagny 31-nji ýanwar senesinde waka sany ýokary derejede azalmaga başlady.

Şonda hepdelik azalmagyň görkezijisi 15,32 göterime barabar boldy. Global waka sanyndaky azalyş şol seneden bäri yzygiderli dowam edýär. Has takygy, 7-nji fewral 2022 senesindäki görkezijilere görä, hepdelik waka sanyndaky azalyş 18,24 göterime barabar bolan bolsa, 14-nji fewralda bu görkeziji 20,7 göterime barabar boldy. Bellemeli zat, eger 24-nji ýanwarda dünýädeki hepdelik  waka sany 23 million 492 müňe barabar bolan bolsa bu görkeziji 14-nji fewralda  hepdelik 12 million 897 müňe barabar boldy. Bu bolsa, 20 günüň dowamynda global waka sanynyň deň ýarysyna çenli azalandygyny görkezýär.

Geliň seljermämizi has jikme-jik dowam edeliň! Azalyş 14-nji fewraldan soňraky günlerde hem umuman dowam edýär.  Has takygy  15-nji fewralda  günlük waka sany 2,84 göterim azalyp 1 million 570 müňe barabar bolan bolsa, 16-njy fewralda ýokary derejede artyş emele gelýär.  Ýagny 16-njy fewralda  gündelik waka sany 39 göterim artyp  2,1 milliona barabar bolýar. 17-nji fewralda bolsa azalyş täzeden başlaýar we gündelik 1,9 göterim azalmak bilen  2 milliona barabar bolýar. 18-nji fewraldaky azalyş görkezijisi 1,7 göterim bolan bolsa, 19-njy fewralda bu görkeziji 7,21 göterime barabar bolýar. Azalyş 20-nji fewralda hem dowam edýär we görkeziji 14 göterime barabar bolýar.  21-nji fewralda global waka sany 1,2 milliona barabar bolýar we günlük azalyş 21,9 göterime barabar bolýar. Şeýlelikde, häzirki wagda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň web saýtynda hepdelik maglumat ýerleşdirilmedik hem bolsa gündelik maglumatlary jemläp  şol hepdede jemi 12 million 645-ä barabar bolandygyny aýdyp bileris.  Bu bolsa, 21-nji fewral senesindäki hepdelik  azalmagyň görkeziji az hem bolsa dowam edýändigini görkezýär.  Bu maglumatlary seljeren wagtymyzda aslynda azalmagyň dowam edýändigini görýäris, emma, 16-njy fewraldaky gündelik artyş bu azalyş tizligini pese gaçyrypdyr.

Ölüm sany hem azalmaga başlady 

Waka sanyndaky ýokary derejedäki azalyş  pandemiýa sebäpli ölüm sanyna hem öz täsirini ýetirip başlady. Has takygy  14-nji fewraldaky hepdelik ýagdaýa görä, global ölüm bir öňki hepde bilen deňeşdireniňde 7,78 göterim azaldy.  Ölüm sanyndaky azalyşyň görkezijisi soňky günlerde has hem azaldy.  Eger 19-njy fewralda gündelik ölüm sany 10385 bolan bolsa, günlük azalyşyň görkezijisi 16,3 göterime barabar boldy.

20-nji fewralda dünýäde koronawirus pandemiýasy sebäpli 9324 adam ýogalan bolsa, azalyş görkezijisi 10,22 göterime barabar bolupdyr. Pandemiýa sebäpli ölüm görkezijisi 21-nji fewralda 34,24 göterime çenli azalypdyr we jemi 6131-e barabar bolupdyr. Bu bolsa, ölüm görkezijileriniň azalýandygyny görkezýär.

Bellemeli zat, global pandemiýanyň başlan döwründen bäri, global waka sany jemi 424.822,073 bolan bolsa, ölüm sany 5 million 890 müň 312-ä barabar boldy. 20-nji fewral 2022 senesindäki görkezijilere görä, global waksina görkezijisi bolsa 10 milliard 407 million 359 müň 583 doza barabar.

 

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna täze direktor bellendi

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy