SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda düýpli özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet tarapyndan oba zähmetkeşlerine berilýän hemmetaraplaýyn goldawyň netijesinde, täze döwürde diňe bir pagtanyň, bugdaýyň we şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenilmän, eýsem beýleki oba hojalyk önümleriniň hem önümçiligine giň mümkinçilikler döredilýär.

Bu tagallalar ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrunda edilýän ýadawsyz aladalaryň netijesidir.

Ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden ýeralmanyň we soganyň hem bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda degişli işler ýola goýuldy. Pagtadan boşadylan ýerlere ýeralma we beýleki bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutuldy.

Golaýda ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda ýazlyk ýeralmanyň ekişine badalga berildi. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 30 müň gektar meýdana ýazlyk ýeralma ekmek meýilleşdirildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýazlyk soganyň hem ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 10 müň gektar meýdana ýazlyk soganyň ekilmegi meýilleşdirildi.

Umuman, 2022-nji ýylda ýeralma we gök-bakja ekinleri 106 müň gektara ekiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

Perhat Allamyradow,

TOHU-nyñ mugallymy.

 

21-nji fewral halkara ene dili güni

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi