DÜNÝÄ

Türkmenistanda täze döredilen agentlige ýolbaşçy bellendi

Mälim bolşy ýaly, geçen hepde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň döredilendigini habar beripdik.

Şu gün hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, täze döredilen agentlige ýolbaşçy bellendi.

Resminama laýyklykda, Serdargeldi Gurbangeldiýewiç Ýolamanow Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesine bellendi.

Şol bir wagtda Ýolamanow Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

 

Milli Liderimiz telefon arkaly Ärdoganyň ýagdaýyny sorady

Related posts

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy

Murat Kurum Stambul şäheriniň häkimi üçin dalaşgär görkezildi